Hyzmatlary sargytletmegiň service

Latest Version

Version
Update
Mar 13, 2024
Developer
Category
Google Play ID
Installs
5,000+

App APKs

Gyzyl eller APP

“Gyzyl eller” ulgamy, Siziň durmuşyňyzda dürli ýagdaýlarda gündelik ýüze çykýan meseleleriniň çözgütlerini hödürleýär! Sowadyjyňyz döwüldimi, elektrik gerekmi ýa-da öýi tämizlemek üçin sargyt etjekmi, indi hünärmen gözlemeli däl! Siz diňe etmeli işi ýazyp ýumuş döredýäňiz - tejribeli ussalar özleri Size öz teklipleri bilen ýüzlenerler. Şeýle de biziň ulgamymyzda ussat ýa-da ýerine ýetiriji hökmünde hasapda durmak bilen, Siz dürli ýumuşlary özüňiz ýerine ýetirip bilersiňiz.
Şu goşundyny (programmany) ýükläp alyp, Siz sargyt ediji hem-de ýerine ýetiriji hem bolup bilersiňiz. «Gyzyl eller» ýerine ýetirijileriň gözleg ulgamy Size öz maksadyňyza görä hünärmeni tapmaga ýardam berýär. Ulgamda hasaba durmak bilen, indi Siz ussalary gözlemeli bolmarsyňyz. Siz diňe gerek hyzmatyňyz boýunça sargydy dörediň, onda hyzmatyň görnüşini, wagtyny, senesini, ýerini, we beýanyny görkezmek arkaly.
Şeýlelikde döredilen sargyt umumy sargytlaryň goruna düşüp, auksion esasly ýörite algoritmiň üsti bilen, degişli hünärine görä, ýakynda ýerleşýän ýerine ýetirijileriň arasynda paýlanylýar we olaryň dygkatyna ýetirlýär. Ussalardan ýeterlik möçberde teklipleri alyp, olaryň içinden hödürlenen bahasyna, ýerine, hünärmeniň tejribesine, seslenmelerine görä amatlysyny saýlap bilersiňiz. Siz belli bir şäherde sargydy döredip bilersiňiz, soňra ulgam awtomatiki ýagdaýda bu şäherdäki şol ugurdaky ähli ussalara habar ýetirer. Teklip beren ýerine ýetirijiler bilen işiň bahasyny gürleşip amatlysyny saýlap bilersiňiz. Iş tamamlanandan soňra Siz ýerine ýetirilen işi bahalandyyp we ol hünärmene öz seslenmäňizi goýup bilersiňiz.
Ussanyň profilini dolduryp Siz özüňiz hem dürli döredilýän ýumuşlara öz teklipleriňizi ugradyp bilersiňiz we şeýlelikde dürli işleri ýerine ýetirip bu ulgam arkaly gazanç edip bilerisiňiz.
Read more

Advertisement